Resul Geldiyew - Biwepa oglan

На данной странице нашего музыкального портала можно как скачать в mp3 формате композицию Resul Geldiyew - Biwepa oglan, так и послушать онлайн

Рейтинг: 0

Время проигрывания: 05:40
Добавлен: 2015-12-10
Прослушали: 252
Рейтинг: 0
Иполнитель: Resul Geldiyew
Композиция: Biwepa oglan

Текст песни

Ýaşlyk edip ýalan söýgiňden ýandym!
Eden ýalňyşyma soňra ökündim.
Bugün nätjegimi bilmän çekindim,
Gül açan söýgümi öldürdiň oglan!

"Senden özge gyzy söýmerin" diýip,
Ýalanlyk donyňy egniňe geýip,
Meni ýalan söýgiň odyna goýup,
Maňa kezzaplygyň bildirdiň oglan!

Bilseň oglan ýalan söz ýerde ýatmaz!
Ömrümi soldyrdyň ýadymdan çykmaz!
Şol garaýşyň gözümiň öňünden gitmez!
Üstümden li-güni güldürdiň oglan!

"Söýýän-köýýan" diýip, söýgä başladyň!
"Söýgim tapdym" diýip, göwnüňi hoşladyň!
Namysyma degip soňra taşladyň!
Ar-namysym ýele sogurdyň oglan!

Gyzyl gül solansoň bilbil gonarmy,
Solan güli "bagtym" diýip alarmy,
Ondokuz ýaşynda gyzlar ýanarmy,
Ýaşlyk ýyllarymy ýandyrdyň oglan!

Men içimde saklap çydap bilemok,
Oý-pikire batyp agşam ýatamok,
Derdimi aýtmana syrdaş tapamok,
Aýralyk mukamyn çaldyrdyň oglan!

Ýaşlygym gunçalap gül açýan wagty,
Aldyrdym elimden uly bir bagty,
Bagtym gara boldy, bolmady ýagty,
Açylan bägülim soldyrdyň oglan!

Günleriň birinde "gal" diýdiň maňa!
"El degirmen" diýdiň, ynandym saňa!
Namartladyň, degdiň gymmat bahama!
Gyzlyk dünýäsinden aýyrdyň oglan!

Diňläň bugun, Maral gyzyň nalasyn!
Neneň indi ony oglan halasyn!
Sizem beýdip ýakmaň adam balasyn!
Görközenňi senem görersiň oglan!

Biwepa oglan!
Sen namart oglan!
Biwepa boldyň!
Sen namart boldyň!

Клип Resul Geldiyew - Biwepa Boldyn(2014)Full HD version

Комментарии (0)

Добавить комментарий